Kämil ýaşlar — kämil geljek

Makalalar
Kämil ýaşlar — kämil geljek
Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alýan syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden strategik ugrunda mynasyp dowam edýär. Bu strategik ugruň esasy maksady döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşyndaky «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuň manyly sözlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy.
Ýaşlarymyz özleri babatda edilýän aladalara jogap edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe barýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we beýleki guramalardyr edaralar ösüp gelýän ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy ýaly ugurlarda bilelikde uly işleri alyp barýarlar.
Ýaş nesiller aýratyn uly ynam bildirýän, olaryň döwrebap bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Allaberdi Saryýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...