Nesil terbiýesi — mu­kaddes wezipe

Nesil terbiýesi — mu­kaddes wezipe
Makalalar
14.10.2023, 15:34
187
0
Nesil terbiýesi — mukaddes wezipe

​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ösüp gelýän nesle bilim-terbiýe bermekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.​ Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmeginde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Bilim edaralary döwrebap kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hili hem-de netijeliligi ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär. Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde her ýyl 1-nji synpyň okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bilimler we talyp ýaşlar güni Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň, etrapdyr şäherlerinde çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň ajaýyp binalary açylyp, ulanylmaga berilýär.

Nesil terbiýesi gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän iňňän wajyp wezipesidir. Sebäbi, şu günki nesliň bagtyýar geljegi ýaş nesle berýän biliminde we edep-terbiýesinde jemlenýär. “Çaga — eziz, edebi ondanam eziz” diýen pähime uýýan halkymyzyň bu ýörelgesi Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Galkynyşly döwrümizde aýratyn many-mazmun bilen rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýär.

Täze eýýamymyzyň bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini ýetişdirmek jogapkärli wezipe. Ol bizden irginsiz zähmeti, sabyrlylygy talap edýär. Biz ýeňil bolmadyk jogapkärli işimizde has tutanýerli zähmet çekip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemekde ähli tagallalary edýäris.

Mähriban Akmuhammedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0