Gozel Paytagtymyz

Gozel Paytagtymyz
Makalalar
24.12.2022, 10:56
544
0
Gözel paýtagtymyz

Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sebitiň merjen şäherine öwrülýän Aşgabat ata Watanymyzyň abraý-mertebesi, halkymyzyň buýsanjydyr. Aşgabadyň ösüşleriniň özboluşlylygy toplumlaýyn häsiýete eýeligindedir. Eziz paýtagtymyz indi dünýäniň üns merkezinde. Şäher düzüminiň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, binagärlik özboluşlylygy türkmen paýtagtynyň abraý-mertebesini Arşa galdyrdy. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe toplumlar döredildi. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde bu kitapda mynasyp orun eýeledi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşi onuň ykdysady görkezijilerini, maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny äşgär edýär. Bu bolsa, bir tarapdan, daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. Iň esasysy bolsa, gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýerli hususy kompaniýalaryň gatnaşygyny işjeňleşdirdi. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeler Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapdy.

Türk­men döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Yhlas Geldiýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0