Ymaratlar beygelyar

Ymaratlar beygelyar
Makalalar
30.11.2022, 23:09
1111
0
Ymaratlar beýgelýär.

Soňky döwürlerde Türkmenistanyň ähli ýerlerinde dürli; medeni, sosial-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryp gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Netijede ajaýyp, milli öwüşginli, şol bir wagtyň özünde-de häzirk zaman ösen tehnologiýalaryna eýe bolan binalaryň sany gün-günden artýar. Şolaryň biri-de ggorjawda gurulýan Ahal welaýatynyň merkezidir.

Ahal welaýatynyň täze edara edişmerkeziniň gurluşygynda sanly ulgamlaryň we “akylly” şäher tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da bu ýerde milli buýsanjymyza öwrülen ýadygärlikleriň gurulýandygyny aýratyn bellemelidiris. Mysal üçin täze şäheriň merkezine bakyp duran umumy beýikligi 31 metr bolan Akhan atly bedewiň heýkeliniň gurulmagyny görkezmek bolar. Üstesine hem Gahryman Arkadagymyzyň ýörite gyzyklanmasy bilen bu ýerdäki köçelere türkmeniň meşhur ogullarynyň atlaryny dakmaklyk hem teklip edildi. Bu bolsa bize hemişe milli buýsanja gaplanmaga sebäp bolar.

Ýene-de ýerli neşirlerde habar berlişine görä, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde iri dynç alyş seýilgähi gurulýar. Bu seýilgähde halkymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň kiçeldilen nusgalary jemlenip, özboluşly açyk asmanyň astyndaky muzeý bolar.

Umuman Ahal welaýatynyň täze merkezini toplumlaýyn şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy diýmäge esas bar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Aman Çopanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0