Taze yyl bayramcylygy

Taze yyl bayramcylygy
Makalalar
28.12.2022, 21:06
622
0
Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemeklik örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Täze ýyl baýramynda bu täsin tymsal bize akja gar tozgasy bilen asmandan şuwlap inýär. Ol eziz topragymyza däl, göni ynsan kalbynyň törüne gadam goýýar. Onda kyrk gat ýazylan ynanjaňlyk köňülleriňe ornaýar-da, ertekiler kitabynyň sahabyny açýar. Ak gardan ýasalan ýaly ak sakgaly döşüni ýapyp duran peşeneli ýaşuly kümüş hasasyny ýere urar welin, al-asmanda ýyldyzlar lowurdap ýanar. Hasasyny beýleki eline geçirip ýene bir gezek urar — Arş jaňlary kakylyp, ýere ýyldyz tozgasyny durman sepelär. Üçünji gezek hasasyny uranda, asmandan bulutlary böwsüp, Aý şuglaly ak paýtun ýere iner. Toýnagyndan çar ýana buzly uçgunlar syçrap duran jadyly atlar hyjuwdan ýaňa jylawyny çeýnäp, toýnagyny kakyp dur. Kümüş paýtunda oturan Aýazbabadyr Garpamyk nurana ýylgyryp, seni täsin syýahata çagyrýar.

Türkmenistanyñ inzener tehniki we ulag kommunikasiyalar institutynyn talyby Rüstemgeldi Hojaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0