Kitap — gymmatly ha­zyna

Kitap — gymmatly ha­zyna
Makalalar
22.11.2023, 19:32
410
0
Kitap — gymmatly hazyna ​

​ Hawa, kitaplar — halkyň ruhy hazynasy. Ynsana dogry ýoldan ýöremegi öwredýän, durmuşyny we zähmetini bezeýän ýeke-täk dost kitapdyr. Kitap - ruhy baýlyk hasaplanýar. Şonuň üçin hem şol baýlygy okamaga endik edinmeli. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap kitaphanalar gurlup, okamak öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda şeýle belleýär: «Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, şeýle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalar hem bolupdyr. Kitap ýükli kerweni bolan kerwenbaşy hatyrjemligi elden bermändir. Çünki kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr».

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kitaplary taryhymyza göz ýetirmegiň, düşünmegiň açarydyr, milli medeniýetimiziň, ylym-bilimiň baý hazynasydyr. Şu jähetden Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap eşretli zamanamyzyň nusgalygy bolup, her bir ildeşimiziň ýakyn syrdaşyna öwrüldi. Bu eserdäki watançylyk, ahlak, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, ata-ene hormaty, ene dilimiz baradaky nakyllardyr atalar sözi bize aýdyň ýollary açýar.

Şular ýaly genji-hazynalarymyzy öwrenmekde elektron kitaphanalaryň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrebap elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary, okuw-usuly, audio-wideo materiallary, maglumat kitapçalaryny taýýarlamakda uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okyjy elektron kitaphanalar arkaly özüne gerek bolan islendik kitaplary we maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp bilýär.

Milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Permangeldi Saparow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0