“Akylly” şäheriň aýratynlyklary

Makalalar
“Akylly” şäheriň aýratynlyklary
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanan Arkadag şäheri öz gurluş aýratynlygy boýunça dünýäniň iň täsin hem täze tehnologiýalaryň giň ulanylýan şäherine öwrüler. Häzirki zaman dünýäsiniň ösen tehnologiýalarynyň haýsy ugry boýunça gürrüň etseň-de, söhbet açara täsinlikler kän. Olaryň hemmesi hakynda bir demde gürrüň bermek mümlkin däl.
Arkadag şäherinde täze elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işi ýola goýlar. Hatda sazlaşygynyň kadaly we howpsuz bolmagy üçin, hereket sazlaýjylar bilen duralgalaryň hem sanly ulgama birikdirilmegi ynsan hakyndaky aladanyň has ýokary derejede tutulýandygyny subut edýär.
Elbetde islendik bir il bähbitli ajaýyp iş amala aşyrylanda onuň bir däl-de, birnäçe ähmiýetli taraplary hasaba alynýar. Hut şu nukdaý nazardan seredeniňde elektroulaglaryň hereketini ýola goýulmagy bu akylly şäherde ekologiýa arassaçylygyny kämil saklamakda hem ýardam eder.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Şadurdy Şöhratjanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...