Aral denzi

Aral denzi
Makalalar
02.04.2023, 17:47
475
0
Aral deňzi hakynda

Golaýda Amerikanyň Nyu-Ýork şäherinde BMG-niň ştab-kwartirasynda “Durnukly ösüş üçin suw: 2018-2028-nji ýyllar” atly maslahat geçirildi. Elbetde bu maslahat indi köp wagtlardan bäri ilkinji gezek diýen ýaly geçirilýär. Maslahatda esasy mesele hökmünde 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň agyz suwunyň ýetmezçiligi bilen dörejek kynçylyklary aradan aýyrmagy maksat edildi. Şol bir wagtyň özünde-de Aral deňzi meselesi hem orta oklanyldy. Aral deňzi bilen bagly pajygalygy aradan aýyrmak, bolmanda ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesini, diňe bir şol sebitiň däl-de eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeker ýaly mesele bolup galýandygy barada aýdyldy.

Netijede “Aral Сulture Summit” taslamasy maslahata hödürlendi. Taslamanyň çaklerinde sebitdäki ýagdaýy gowulandyrmak baradaky maksatnamalary işläp düzmek we tejribeleri alyşmak göz öňünde tutulýar. Mart aýynyň 22-24-ne bolup geçen bu maslahata türkmen wekiliýeti hem gatnaşyp, peýdaly teklipleri öňe sürdi.

Metbugat materiallary esasynda taýýarlan

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Musaguly Çaryýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0