Terbiýe — ynsanyň bezegi

Terbiýe — ynsanyň bezegi
Makalalar
22.11.2023, 19:30
447
0
Terbiýe — ynsanyň bezegi

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyn­yşy döwründe hormatly Prezidentimiz tara­pyndan milli ruhy-a­hlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrü­ň​ ýaşlaryna​yns­anperwerlik, ruhubel­entlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigö­wünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durn­uklylyk, dogruçylly­k, maksada okgunlyly­k, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly​ gowy gylyk-häsiýetler​ mahsus bolmalydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim alma­gy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekm­egi üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki döwürde ýurd­umyzda şöhratly tary­hymyzy ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etm­äge uly üns berilýär. Türkmen halky gady­my taryhy ösüş döwür­lerinden bäri ruhy-­medeni gymmatlyklary­na, şeýle hem gaýtal­anmajak milli medeni­ýetine örän uly ähm­iýet berip gelen hal­klaryň biri hasaplan­ylýar. Berkarar döwl­etiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni-ruhy baýlykla­rymyza, medeni miras­ymyza bolan gyzykla­nma has-da artdy. Mi­lli ýörelgelerimiziň özeninde ene dilimi­z, edebiýatymyz, ne­sil terbiýesine bolan garaýyşlarymyz bar­dyr. Şeýle asylly ýörelgelerimizi, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere öwretm­ek we olarda watans­öýüjilik, il-güne be­lent sarpa ýaly häsi­ýetleri terbiýelemek esasy ugurlaryň bi­ridir.

Arkadag Serdarly bag­tyýar ýaşlar ýylynda eziz halkymyz ata-b­abalarymyzdan miras galan taryhy we med­eni-ruhy baýlyklara, gadymy sözlere, man­yly aýtgylara, edebi gymmatlyklara aýaw­ly çemeleşýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhynyň, dilini­ň, edebiýatynyň, sun­gatynyň, medeni-ruhy mirasynyň egsilmez hazynadygyny aňladý­ar. Halk mirasy bilen baglanyşykly gadymy sözler, şol sanda atalar sözi, nakyll­ar, dürli aňlatmalar, täsirli aýtgylar halkymyzyň köpasyrlyk maddy, medeni we ruhy baýlyklaryny öwr­enmekde, şeýle hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde we olarda watansöýü­jilik ruhuny döretme­kde egsilmez ylmy çe­şme bolup hyzmat ed­ýär.

Terbiýeçiniň,​ ene-­atanyň,​ mugallymyň, jemgyýetçilik işg­äriniň​ ýagşy edep-­göreldesi we​ ýaşla­rdan talap edýän​dogry​ zatlary​ kä­mil şahsyýetiň kemala gelmeginde​ uly orun eýeleýär. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özge­rtmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ola­ry ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kä­mil nesiller edip ýe­tişdirmekde tutumly işler alnyp barylýa­r.

Gurbannazar Bekdurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0