Ýaşlar. Watan. Geljek.

Ýaşlar. Watan. Geljek.
Makalalar
22.11.2023, 19:03
413
0
Ýaşlar. Watan. Geljek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Türkmen ýaşlarynyň ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmaklaryny gazanmak, olarda mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen oňyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň ýokary, orta hünär, şeýle hem orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Çünki milletiň beýikligi onuň mirasyna goýýan sarpasy, ýaş nesilleriň ata-baba ýörelgelerine ygrarlylygy bilen kesgitlenilýär.

Däp-dessurlary hormatlamak, sarpasyny saklamak biziň beýik milletimiziň asylly ýörelgesidir. Ýaşuly nesliň ýaşlara görkezýän göreldesiniň her bir adamyň durmuşynda aýratyn uly orny eýeleýändigi hemmämize aýdyň hakykat. Gyzyň eneden görelde alşy ýaly, ogul hem atadan nusga alýar. Bu babatda eziz Arkadagymyzyň howandarlygynda halkymyza peşgeş berlen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Ata ogly ata çeker», «Ogul — hyzmatda, ata — yzzatda», «Perzende ata gorgan, ene — gurban» diýen ýaly atalar sözleridir nakyllary mysal getirmek bolar. Bu bolsa atanyň ogul terbiýesindäki ornunyň uludygyny, peder hormatyny ogul hyzmatynyň kesgitleýändigini görkezýär.

Bu günki günde ýaş nesillerimiziň atalaryň ýoluna ygrarly bolup, Watanymyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklary diýseň buýsandyryjydyr. Asuda ýurdumyzda ýaş nesilleriň buýsançly zähmet çekmegine, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, dünýä nusgalyk beýik işleri elmydama rowaç bolsun.

Daýançmyrat Suhanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0