Belent ösüşleriñ beýany

Belent ösüşleriñ beýany
Makalalar
03.10.2022, 21:54
1259
0
Belent ösüşleriň beýany Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri döwrümiziň ganaty bolmak bilen birlikde dünýäniň kitap gaznasynyň iň tämiz hazynasydyr. Hawa, ynha buýsançly başymyza gök diredip, ýene bir täze kitap, “Ösüşiň belentliklerine tarap” atly kitabyň 14-nji jildi elimize gowuşdy. Bu kitap döwrümiziň mynasyp ýylýazgysyna öwrüldi. Kitapda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylyň şanly wakalary öz beýanyny tapýar. Şol ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilip geçildi, Gahryman Arkadagymyzyň ýyl bilen adybir kitaby elimize gowuşdy. Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklu ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynyň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň kararlarynyň, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaraly çäreleri, köpsanly açylyşlary, forumlary, duşuşyklary, 2020-nji ýylyň şanly wakalary dolulygynda kitap sahypalarynda şöhlelenipdir. 14-nji jilti elimize gelip gowşan kitap ajaýyp döwrümiziň şanly taryhyny öwrenmekde ajaýyp gollanmadyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyň talyby Baýramgeldiýew Mejitmuhammet
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1578
0