Binagärlik — durmuşa, göwünlere bezeg bermek sungaty

Makalalar
Binagärlik — durmuşa, göwünlere bezeg bermek sungaty
Binagärlik ylhamy bilen ajaýyp zamanamyzyň görküne görk goşýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň 25-nji awgustda institutymyzyň täze binalar toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekmegi müňlerçe ynsanyň kalbynda nuranalyk döretdi.
Institutymyzyň bäş müň talyba bilim bermäge niýetlenen täze binasynyň taslamasyny synlanyňda, ilki bilen, häzirki zaman we milli binagärlik sungatynyň ajaýyp sazlaşygy gözüňe ilýär. Ine, şu-da beýik zamanamyzyň özboluşly binagärlik keşbine mahsus aýratynlykdyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynda geçmiş bilen şu günüň, şu gün bilen geljegiň sazlaşygy öňe çykýar. Muňa Arkadag şäheriniň mysalynda-da dünýä ýüzi ýene bir ýola göz ýetirdi. Geljekde ýurdumyzyň binagärligine goşant goşjak hünärmenler taýýarlanylýan institutymyzyň täze binalarynyň gurluşygynyň «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy — milli binagärler tarapyndan ýerine ýetiriljekdigi hem buýsanjymyzy goşalandyrýar.
Täze binalaryň taslamasyny synlanyňda, talyplara bilim bermekde döwrüň iň soňky gazananlarynyň göz öňünde tutulandygyny görýärsiň. Binalaryň ählisinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy gülleýişli döwürde döwrebap gadam urulýandygynyň nobatdaky mysalydyr.
Bagybeg Saparmyradow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...