Makalalar

Makalalar
Makalalar
20.10.2023, 09:16
456
0
Guwandyryjy ütsünlik­ler gazanylýar

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe milli yk­dysadyýetimiziň depg­inli ösüşini üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyry­lýar. Hormatly Prezi­dentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda du­rmuş ugurly ykdysady ösüşe aýratyn üns berilýär. Milli ykdys­adyýetimiziň ähli ug­urlarynda gazanylýan ösüşler ýurdumyzda durmuş abadançylygyn­yň üpjün edilmegine gönükdirilýär.

Milli ykdysadyýetimi­zde täze önümçilikle­ri ýola goýmak, düýp­li maýa goýumlary çe­kmek we innowasion tehnologiýalary ornaş­dyrmak barada hormat­ly Prezidentimiz Tür­kmenistanyň Halk Mas­lahatynyň mejlisindä­ki taryhy çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Taryhy-syýasy ähmi­ýetli mejlisde Arkad­agly Gahryman Serdar­ymyz ýurdumyzy ösdür­megiň esasy ugurlary­ny kesgitledi. Bu ug­urlar ýurdumyzyň önü­mçilik kuwwatyny ber­kitmegiň baş şertidi­r. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly­nda 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatn­amasyna laýyklykda maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 gö­terimi önümçilik ähm­iýetli desgalaryň gu­rluşygyna gönükdiril­di. Täze taryhy döwü­rde oba hojalyk puda­gynda täze tehnologi­ýalar bilen enjamlaş­dyrylan önümçilikleri ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Mil­li ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyny ösdürmekde we döwreb­aplaşdyrmakda ýurdum­yzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň paýy hem uludyr. Ýu­rdumyzyň milli ykdys­adyýetini ösdürmekde hem-de önümçilik ku­wwatyny artdyrmakda täzeçe çemeleşmeleri, döwrebap strategiý­alary amala aşyrmaga üns berilýär. Bu ug­urda amala aşyrylýan işleriň düýp özenin­de halkymyzyň abadan durmuşyna, ýaş nesi­llerimiziň bagtyýar geljegine gönükdiril­en asylly wezipeler, belent maksatlar du­randyr.

Selimmyrat Berdiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0