Pyragyň arzuwlan zamany geldi

Pyragyň arzuwlan zamany geldi
Makalalar
01.06.2024, 12:46
136
0
01.06.2024ý.

Pyragyň arzuwlan zamany geldi  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümde türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ynsanperwer, arassa ahlakly bolup ýetişmekleri üçin beýik başlangyçlar öňe sürülýär. Bu bolsa nesil terbiýesini ähli zatdan ileri tutan pederlerimiziň pentlerine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda asylly däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini delillendirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan Magtymguly Pyragynyň dana sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde beýik akyldaryň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, halk bitewüliginiň, parahatçylygyň hem agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar.

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize miras goýan şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen we dünýä alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Şu nukdaýnazardan-da, söz ussadynyň XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu günki ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda kämil raýat jemgyýeti kemala gelýär. Bu bolsa beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň, öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bekmyradow Baýrammuhammet

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0