Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz

Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz
Makalalar
17.10.2023, 19:26
260
0
Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz

​ Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy dabara bilen bellenilýär. Munuň özi edermen türkmen alabaýlarynyň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny doly subut edýär. Olary saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ýaly, pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde-de mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde ýöriteleşdirilen tohumçylyk we karantin merkezleriniň işe girizilmegi bilen, arassa ganly tohum itlerine ideg etmek, terbiýelemek, olaryň saglygynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny gazanmak hem-de itleriň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Kanunlary esasynda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi hem türkmen itşynaslary barada edilýän aladanyň görkezijisi bolup durýar.

Türkmen topragynda döräp, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä mälim edýär.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde türkmen alabaýynyň şekiliniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Bu waka çuňňur mana eýe bolup, ýurdumyzda türkmen alabaýlaryna goýulýan belent sarpany dünýä ýüzüne äşgär etdi. Hawa, alabaý itlerimiz biziň milli buýsanjymyz. Onuň eserdeňligi, paýhaslylygy we duýgurlygy hakykatdanam söz bilen beýan ederden has ýokary. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alabaý itimiz, ahalteke bedewimiz, türkmen arwana düýesi ýaly milli baýlyklarymyzyň at-owazasyny belende galdyrmak baradaky belent başlangyçlary her bir türkmen raýatynyň kalbynda, esasanam, zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň kalbynda uly buýsanç döredýär. Şeýle işleri bilen biz ― ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Maksat Gurbangylyjow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0