Ýaşlar syýasatynyň halkara derejesindäki ykrarnamasy

Ýaşlar syýasatynyň halkara derejesindäki ykrarnamasy
Makalalar
12.09.2023, 11:16
233
0
Ýaşlar syýasatynyň halkara derejesindäki ykrarnamasy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň halkara derejede ykrar edilmesi bolup dabaralandy. Bu wakanyň hemmeleri egsilmez hoşallyga beslän günleriniň yzysüre, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlaryň öňünde umumy sapak geçmegi zamanamyzyň şanly wakalarynyň hataryny artdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu taryhy sapagy durşy bilen öwüt-ündewe, nesihata ýugrulyp, ol ýaşlar üçin naýbaşy mekdepdir. «Siz geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan mukaddes tugumyzy elmydama belent tutup döretmelisiňiz hem-de gurmalysyňyz!» diýip, umumy sapakda ýaşlara ýüzlenmegi Gahryman Arkadagymyzyň olara örän uly ynam bildirýändiginiň kepilidir.

Ýaşlaryň döretmekleri, gurmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy baradaky arzuwlar bu günki gün tutuş halkymyzyň, şol sanda bagtyýar ýaşlaryň dilleriniň senasydyr.

Garabeg Durdylyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0