Ýaşlar ýurduň daýanjy

Ýaşlar ýurduň daýanjy
Makalalar
05.09.2023, 14:31
260
0
Mälim bolşy ýaly, 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda, beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem amala aşyrylýan özgertmeler, 2023-2024-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri we berilýän bilimiň hilini ösdürmekde öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mejlisde nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bilim özgertmeleri barha rowaçlanýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanylyp, okuw kitaplarydyr gollanmalary yzygiderli neşir edilýär. Geçen okuw ýylynda mekdep okuwçylaryň we talyplaryň ençemesi halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Tomusky dynç alyş möwsüminde 20 müň 500-den gowrak çaganyň guramaçylykly dynç almagy bolsa täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda bagtyýar çagajyklaryň hyjuwyny has-da artdyrdy. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatlar geçirilip, Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň düýbi tutuldy. Bu bolsa bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Agamyrat Agamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0