Ýurduň baş baýlygy

Ýurduň baş baýlygy
Makalalar
21.10.2023, 15:53
276
0
Ýurduň baş baýlygy

Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk.​ Gurban­guly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeş­mesi» kitabynda beýa­nyny tapan «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr ata­lar sözleri ata-baba­larymyzyň saglyga nä­derejede ähmiýet ber­endigine, ony dünýän­iň mal-mülkünden, ge­nji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär.

Pederlerimizden miras galan bu ýörelge Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Gaky­nyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek: biz türkmen halkynyň milli Lide­riniň ýurdumyzda ýaş­aýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertl­eriniň yzygiderli go­wulanmagy ugrunda ýa­dawsyz alada edýändi­gi, il bähbitli, dün­ýä ähmiýetli başlang­yçlara badalga berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenist­anyň halkara abraýyny has-da belende göt­erýändigi bilen birl­ikde, lukman Arkadag, alym Arkadag bolup, öz raýatlarynyň jan saglygyny hemme za­tdan ilerde tutýandy­gy, ony goramaga uly üns berýändigi, bu ugurda ylmyny, zehin­ini, zähmetini gaýgy­rmaýandygy üçin hem buýsanmalydyrys. «Dö­wletimiziň beýik gel­jegi halkymyzyň bagt­yýar we sagdyn durmu­şy bilen berk baglan­yşyklydyr» diýýändigi üçin buýsanmalydyr­ys. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdü­rmegiň ylmy esaslary­», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhube­lentligiň ýurdy”, «T­ürkmenistanyň derman­lyk ösümlikleri», «B­agtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kit­aplary hormatly Prez­identimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanyna, ene toprag­yna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgü­siniň aýdyň alamatyd­yr we şol bir wagtyň özünde-de ylahy zeh­ininiň, döredijilikli gözlegleriniň we ylmy barlaglardyr ama­ly işleri yzygiderli alyp barmak boýunça tutanýerli zähmetin­iň miwesidir. Şeýle mähirli söýgi hem-de datly miwe bu günki günde göwünlerimizi galkyndyryp, sagdyn­lykda, bagtyýarlykda ýaşamagyň nurana ýo­luny salgy berýär.

Aşyrmuhammet Sähedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0