Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň
Makalalar
08.11.2023, 12:14
272
0
Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz edebi hem-de medeni mirasymyzy öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berýärler. Döredijilik işgärlerini mydama goldap durýarlar. Umumadamzat şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen şu günlerden baýramçylyk çärelerine badalga berildi. Häzirki wagtda şanly sene mynasybetli Köpetdagyň eteginde beýik şahyryň uly ýadygärligi gurulýar. Başyny Asmana diräp duran şeýle belent ýadygärlik külli türkmen il-ulsuny buýsandyrýar. Bu uly tutumlar türkmen halkynyň beýik şahyra bolan çäksiz söýgi-sarpasynyň nyşanydyr.

Dana şahyrymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýän günlerde Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny ýazyp, halkymyzy çäksiz begendirdi. Goşguda beýik şahyryň döredijilik ussatlygyna, akyl-paýhas çuňlugyna we giňligine örän belent baha berilýär:

«Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna, Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne, Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy».

Begjan Rejepow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0