ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI

ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Makalalar
10.11.2023, 12:31
1579
0
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň desgalary, senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde Watana, halka wepaly, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerýän, ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döredijilik, abadançylyk, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz täze pikirleri döredýän we durmuşa geçirýän ýurt hökmünde umumy ykrar edilen derejesini tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň sebit, ählumumy derejedäki möhüm meselelerini täzeçil, toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn esasda çözmek boýunça başlangyçlary uly gyzyklanma döretdi.

Ýylyň şygaryndan belli bolşy ýaly, öňümizdäki esasy maksat hem ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň binýadyny berkitmekde, binagärlik-gurluşyk ulgamynda öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak ugrunda uly işler alynyp barylýar. Ine ýaňy ýakynda hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde özleriniň okuw önümçilik tejribeligini geçdiler. Bu uly taslama iki tapgyrda durmuşa geçirilip gurluşygy tamamlanan birinji tapgyryň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şonda şäheriň edara-kärhanalary we guramalary üçin dürli görnüşli awtoulag serişdeleri, şol sanda elektroulaglar sowgat berildi. Şäheriň ýol-ulag düzüminde ekologik taýdan arassa jemgyýetçilik ulaglary — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder.

Bu okuw önümçilik tejribeliginiň dowamynda ýaş inženerlere bu şäherde durmuşa ornaşdyrylan binalaryň, inženerçilik desgalarynyň, seýilgähleriň, ýollaryň, köprileriň, ýer üsti we ýer asty geçelgeleriň aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik boldy. Bu döwrebap şäherde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan ýerine ýetirilen binalaryň, kiçi binagärlik göwrümleriniň taslamalarynyň durmuş ýüzünde ornaşdyrylandygyny görmek bolsa, olarda uly täsir galdyrdy we täze-täze taslamalary ýerine ýetirmäge höweslendirdi. Şäher öz içinde döwrebaplygy şeýle hem milli äheňleri jemleýär. Oňa bolsa şäheriň çeperçilik bezeg aýratynlyklary şaýatlyk edýär.

Bu gurluşyk meýdançasynda talyp ýaşlar gurluşyk işleriniň alynyp barylyşy tejribe ýüzünde öwrendiler. Talyp ýaşlara bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler tarapyndan metjidiň taslamanyň binagärlik aýratynlyklary barada has giňişleýin tanyşdyrdylar.

“Arkadag” şäheriniň ekologik aýratynlyklary we olaryň päsgelsiz peýdalanylyşy barada belläp geçdiler. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen “akylly” ýollaryň ornaşdyrylmagy “ITS-niň” esasy wezipesidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we internetiň giňden ornaşdyrylmagyna esaslanyp, olaryň kömegi bilen şäher düzümlerini we gulluklaryny dolandyrmagy üpjün edýän bitewi ekoulgam döredilýär. Şeýle hem bu konsepsiýanyň düzümine “akylly” öý, bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara hasaplaşyklary geçirmäge, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly programma goşundysy girýär.

Bu okuw önümçilik tejribeligi talyplara pikir alyşmaga we baý tejribe toplamaga uly mümkinçilik berdi.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1578
0