Şäherler içinde kämil şäherim

Şäherler içinde kämil şäherim
Makalalar
11.06.2023, 08:32
216
0
Şäherler içinde kämil şäherim

Gojaman Köpetdagyň goýnunda, tebigatyň täsin sergin ýerinde gurulýan Arkadag şäheriniň dabarasy dag aşýar. Çünki dünýäniň ýüzünde häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda, ylmyň soňky gazananlaryny özleşdirmek tejribesine daýanyp gurlan bu akylly şäher häzirki ösen zamanada dünýä nusgalyk bolup lowurdaýar. Dünýäniň ýüzünde beýle akylly gurlan şäherler känem däldir. Ýöne Arkadag şäheri şolaryň içinde özüniň häzirki zaman dünýäsiniň ösen tejribesini özünde jemlemek bilen bir hatarda gündogaryň milli däplerine mahsus bolan türkmen halkynyň milli binagärlik sungatynyň hem ajaýyp öwüşginlerini özünde jemleýän şäherdir. Şonuň üçinem oňa şäherleriň içinde iň kämil şäher diýip bolar.

Her bir gurulýan binada milli öwüşginler bilen bir hatarda ynsan ýaşaýyşy üçin derwaýys bolan ähli şertleriň döredilen binalary lowurdap, älem içre nur saçýar. Bu şäherde uly meselelerden başlap owunjak zatlara çenli hem ünsdem düşürilmeýär. Akylly şäherde täze elektrobuslar, elektrik bilen işleýän ulaglar bilen üpjün edilmegi, bu şäheriň sergin howasynyň arassalygyny saklamakda has peýdalydyr. Eýsem bu dünýä babatynda hem ekologiýa arasaçylygyny saklamakda öňe sürülýän nusgalyk ajaýyp tejribeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin dagyň eteginde gurlan akylly şäheriň howasynyň ajaýyp boljagyndan nyşandyr.

Döwletmyrat Ataýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0