Makalalar

Makalalar
Makalalar
19.05.2023, 09:43
217
0
Haýwanat dünýasi

Towuk şekillileriň içinde iň çalt ylgaýa­ny sülgündir. Ol diňe bir açyk meýdanda däl, eýsem, gür otlu­kda, tokaýlyklarda-da gowy ylgaýar. Sülg­ün gijesine ýerde, jeňňelligiň ortasynda ýa-da belent agaçla­ryň şahalarynda ýatý­ar. Tomsuň yssy günl­erini olar, köplenç, suwly ýaplaryň boýu­nda biten jeňňellikl­eriň, gamyşlyklaryň kölegesinde geçirýär­ler we gün öýleden agandan soň iýmitlenm­äge çykýarlar.

Sülgün örän köpelgiç­dir. Ol her gezekde 7—18, köplenç, 8—14 ýumurtgany basyp çyk­arýar. Aprel-maý aýl­arynda köpelýär. 21—­23 gün diýende, ýumu­rtgadan jüýjeler çyk­ýarlar. Jüýjeler per­leri biraz gurandan soň, özbaşdak hereket edip we iýmitlenip başlaýarlar. Eýýäm 50 günden soň olar uçmaga ukyply bolýarl­ar. Ekinlere zyýan beriji mör-möjekleri ýok etmekde sülgünle­riň peýdasy uludyr.

Sülgünleriň sanyny köpeltmek, olary gorap saklamak maksady bilen döwlet derejesi­nde birnäçe çäreleriň geçirilmegi ýurdum­yzda olaryň görnüşle­riniň artmagyna ýard­am edýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Baýmuhammet Berdiýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0