Ýaşlar üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döwri

Ýaşlar üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döwri
Makalalar
14.10.2023, 21:58
270
0
Ýaşlar üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döwri ​

​ Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýaş nesilleriň abadançylygynyň we hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmeginde olaryň sagdynlygyna möhüm orun degişli bolup durýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä, sportuň dürli görnüşlerine çekilmegi wajyp şert bolup durýar. Çünki bedenterbiýe we sport ýaşlarda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmeginde, aň-paýhas ukyplarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär.

Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bilim ulgamy babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, aň-bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar. Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly​ Gahryman Serdarymyza​ çäksiz sagbolsun aýdýarys!

Geldimyrat Abdullaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0