Saglyk barada

Saglyk barada
Makalalar
22.12.2022, 16:13
626
0
Saglyk barada
 

Sagdynlyk, saglyk adamzat durmuşynda iň gerekli zerurlykdyr. Sagdynlygyň bar ýerinde bagtyýarlyk höküm sürýär. Sagdynlyk adama öňde goýan maksatlaryna, üstünliklerine ýetmäge, durmuşda öz etsem-goýsamlaryny amala aşyrmaga, ýaşaýşyň hözirini görmäge itergi berýän güýç-gurbatdyr. Sagdyn bolmagyň sadaja ýollary hakynda köplere ýetirmegi makul hasap edýäris. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, munuň üçin gündelik endikleriňe üns bermeli. Sagdyn, bagtyýar we hemişe hyjuwly bolmak üçin olaryň berýän maslahatlaryndan peýdalanmaly.

Wagtyňyzyň köp bölegini arassa howada geçirmäge çalşyň. Gijelerine öýleriňiziň golaýyna, seýilbaglara, dynç günleri bolsa tebigata gezelenje çykyň. Işleýän edaraňyz, okaýan okuw jaýyňyz onçakly uzakda ýerleşmeýän bolsa, pyýada gatnamaga endik ediň. Günüň aglaba bölegini kompýuteriň başynda geçirýän, hemişe oturyp işleýän adamlara irden, günortanlyk arakesme wagtynda, agşamara azyndan 20 minutlap gezelenç etmek maslahat berilýär.

Günde ir bilen turup, beden maşklaryny ýerine ýetirmeli. Agyr daşlary götermek, özüňe zor salmak hökman däl. Eglip-galmak, oturyp-turmak, el-aýaklaryňy hereketlendirmek, aýna seredip, öz-özüňe ýylgyrmak hem ýeterlikdir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ uly mugallymy Rejepmuhammet Nurmuhammedow 

Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0