Sowuk howada

Sowuk howada
Makalalar
21.12.2022, 15:06
587
0

 Sowuk howada deriniň aşa guramaklygy, gyzarmaklygy ýüze çykýar, solgun bolýar. Beden sowuk howa uýgunlaşmak we mümkin boldugyça, özüni goramak isleýär. Şeýlelikde, deriniň ýokarky gatlagy galyňlanýar we gan damarlar giňelip başlaýar. Şol sebäpli aşa sowuk we aýazly howada deri guraýar. Şeýle howa şertlerinde ýüzümize adaty idegi ýygy-ýygydan ýerine ýetirip durmaly. Onuň üçin şu aşakdaky ýapgylardan peýdalanmagy maslahat berýäris.

* * * Bir hurmanyň daşyny aýyrmaly. Soňra ony ezmeli. Taýyn bolan ýapgyny ýüzüňize çalmaly we 20 minut saklamaly. Hurma A, B1, B2, B3, C, P witaminlere baýdyr. Ýapgy ýüzi nemlendirýär we iýmitlendirýär.

* * * Bir bulgur süýdi ýylatmaly. Onuň içine 1 nahar çemçe pakmaýany ezmeli. Taýyn bolan suwuklygy ýüzüňize çalyp, 15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirýär we rahatlandyrýar.

* * * Bir çaý çemçe gyrgyçdan geçirilen almany, 2 çaý çemçe doragy, 0,5 çaý çemçe ösümlik ýagyny we bir ýumurtganyň sarysyny garmaly. Soňra ony ýüzüňize çalmaly we 15—20 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüň derisini janlandyrýar we öwüşgin berýär. Ýapgyny, ýüzüniň derisi guraksy we duýgur zenanlar ulanyp bilerler.

* * * Iki çaý çemçe doragy, 1 nahar çemçe demlenen gara çaýy, 1çaý çemçe zeýtun ýagyny garmaly. Soňra onuň üstüne az mukdarda gyrgyçdan geçirilen limonyň daşyny goşmaly. Taýyn bolan ýapgyny ýüzüňize çalmaly we 10—15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňiziň derisindäki öýjükleri arassalamaga ýardam edýär. * * * Bir bölek kädini blenderden geçirmeli. Soňra oňa 1 çaý çemçe ary balyny we 1çaý çemçe süle ýarmasyny garmaly. Taýyn bolan melhemi ýüzüňize çalyp, 15—20 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňiziň derisini arassalaýar. Ýapgyny ýüzüň derisiniň sowuklan halatynda-da ulanyp bilersiňiz.

* * * Iki-üç nahar çemçe käşiriň şiresine, 1 nahar çemçe doragy we 1 çaý çemçe gaýmagy garmaly. Soňra ony ýüzüňize çalyp, 15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi nemlendirýär. Ýapgyny ýüzüniň derisi guraksy zenanlara ulanmak maslahat berilýär.

* * * Bir hyýary gyrgyjyň ownuk gözünden geçirmeli we oňa 2 nahar çemçe gaýmagy garmaly. Ýapgyny ýüzüňize çalyp, 25 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirer.

* * * Üç nahar çemçe guradylan çopantelpek gülüni 1 bulgur gaýnan suwda 5—10 minut ezmeli. Soňra ony suwdan süzüp almaly we 2 nahar çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly. Taýyn bolan melhemi ýüzüňize çalyp, 30 minut saklamaly. Ýapgy ýüzdäki düwürtikleri aýyrmaga we arassalamaga ýardam eder.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Jumamyrat Mämmedow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0