Makalalar

Makalalar
Makalalar
15.11.2023, 12:12
299
0
Kompýuter tehnologi­ýasy

Türkmenistanda ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, ylmy-inženerçilik pikirleri, innowasiýalara we maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ylmy barlaglary döwletiň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň möhüm düzümi hökmünde ykrar edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip konstitusion derejede ykrar edilen ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar barada döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şunda esasy maksat ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Ösüşiň häzirki döwründe alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlaryň sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine ýardam etmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmak hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maglumatlaryna görä, ýakyn onýyllykda ösen sanly iş endiklerine, ýagny maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda, barlagdan geçirmekde we seljermekde, şeýle hem olary dolandyrmakda zerur bolan başarnyklara eýe bolan adamlar üçin millionlarça iş orunlary dörär. Häzirki döwürde zähmet bazarynda şeýle iş orunlaryny eýeläp biljek ýokary hünärli hünärmenlere isleg barha artýar. Hususan-da, bilim ulgamynda, oba hojalygynda, maliýe hyzmatlarynda, saglygy goraýyşda, ulaglarda iş orunlarynyň kämilleşmeginde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň aýratyn uly täsiriniň bardygy sebäpli, sanly iş endiklerine bolan talap dünýä derejesinde ýokarlanýar.

Baýram Kerimow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0