Sebitde deňi-taýy bolmadyk şäher

Makalalar
Sebitde deňi-taýy bolmadyk şäher
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşda ýaşamagy ugrundaky ýadawsyz aladalary netijesinde, Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan gudratdyr.
«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen bu şäherde dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylandyr. Şäherde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýar. Arkadag şäherinde ekologiýa taýdan arassa we döwrebap ulaglaryň hereketi ýola goýlup, onda şäheriçi elektrobuslar, elektromobiller hereket edýär hem-de «akylly» awtoduralgalar we elektroulaglar üçin ornaşdyrylan güýç beriji stansiýalar ekologiýa taýdan arassa bolan bu ulaglaryň bökdençsiz işlemegine ýardam berýär.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk «Ýaşlaryň şäheri» adyny alan şäheriň binalarynyň ählisinde «akylly» öýe degişli buýruklary özbaşdak ýerine ýetirmek üçin ýörite innowasion programma bolup, ol «Arkadagly ýaşlar» diýlip atlandyrylýar. Bu programmanyň üsti bilen otagyň howasyny çalyşmak, perdeleri açyp-ýapmak, otagyň yşyklaryny dürli ýagtylyga getirmek mümkinçiligi bar. Şeýlelikde, bu şäheriň binalarynyň ählisiniň tehnologik programmalaryny türkmen ýaşlarynyň işläp düzendiklerini aýratyn bellemek zerur.
Ähmet Ýazgeldiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...