Gurluşyk pudagyndaky üstünlikler

Gurluşyk pudagyndaky üstünlikler
Makalalar
08.11.2023, 13:06
339
0
Gurluşyk pudagyndaky üstünlikler

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň sebitlerinde uly şatlyk-şowhun döretdi. Şeýle taryhy wakalara beslenen günde — her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibiň öňe sürülmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlamagy ildeşlerimizde toý ruhubelentligini döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň welaýatlar boýunça iş saparlary sebitlerde alnyp barylýan özgertmeleri öňe ilerledip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çärelere täze badalga berýär. Bu döwletli saparlar toý ruhuna, uly tutumlara beslenýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylmagy Garaşsyz ýurdumyzyň gurýan, döredýän, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet hökmündäki abraýyny has-da belende göterdi.​

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şol taslamalar durmuşa geçirilende, ilkinji nobatda, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu möhüm desgalar we binalar mähriban halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etsin!

Ýolly Myradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0