Makalalar

Makalalar
Makalalar
07.12.2023, 19:28
190
0
Türkmen Bitaraplygy dünýä ýüzünde dabaralanýar

​ Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň mynasyp ornuny Merkezi Aziýada we Hazarýaka sebitinde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Sebit hyzmatdaşlykda özüniň oňyn ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiz deňziň tebigy baýlyklarynyň Hazarýaka döwletleriň umumy bähbitleriniň nazara alynmagy bilen rejeli peýdalanylmagyny, onuň bioköpdürlüliginiň goralmagyny hem-de Hazaryň dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde hyzmat etmegini ileri tutýar. Häzirki zaman şertlerinde howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri halkara bileleşiginiň gaýragoýulmasyz meseleleriniň birine öwrüldi. Bu meselä aýratyn üns berilmegi onuň adamzadyň abadançylygynyň möhüm ugurlaryna güýçli täsir edýändigi bilen düşündirilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça sebitara merkeziniň döredilmegi baradaky teklibi hem, ilkinji nobatda, bu meselä toplumlaýyn çemeleşmek arkaly sazlaşykly ösüşiň sebitleýin utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler bolsa, milli ykdysadyýetiň ösüşini ýokarlandyrmaga niýetlenilip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, tehnologiýa ylymlaryny, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de howanyň üýtgemegi boýunça çäreleri pudaklaýyn meýilnamalara goşmagyň hasabyna ýurdumyzyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi beriji güýç bolup hyzmat edýär.

Dünýäniň ykdysady ösüşiniň, durmuş abadançylygynyň we daşky gurşawyň goragynyň birek-birekden üzňe bolmadyk bitewüligi emele getirmegi döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda ekologiýa ugrunyň ileri tutulmagyna, ýurdumyzyň bu ugurda onyň başlangyçlar bilen çykyş etmegine esas döredýär. Adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleri ykdysady we durmuş ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde toplumlaýyn çemeleşmäniň esasynda çözmek mümkin. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyz dünýä bileleşiginiň agzalary bilen hyzmatdaşlykda, ilkinji nobatda, umumy maksatlara ýetmekde tagallalary birleşdirmegiň merkezi bolan BMG-niň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde häzirkizaman ählumumy meseleleri çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Munuň özi 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň beýan eden garaýyşlary dünýäniň parahatçylykly we sazlaşykly ösüşini nazarlaýandygyny tassyklaýar.

Öwläguly Sähedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0