Aşgabadyň halkara yk­rarnamasy

Aşgabadyň halkara yk­rarnamasy
Makalalar
08.11.2023, 11:22
203
0
Aşgabadyň halkara ykrarnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň ak mermere beslenen ajaýyp şähergurluşyk keşbi Ýer ýüzünde binagärlik sungatynyň naýbaşy nusgasy hasaplanýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, jöwher paýhasy bilen bina bolan, bu günki gün Aziýanyň merjenine öwrülen şeýle ajaýyp şäherde ýaşamak, okamak, zähmet çekmek ildeşlerimiz üçin uly bagt.

Geçen sanlyja ýyllaryň içinde asyrlara barabar ösüş ýoluny geçen ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri baş şäherimiziň kämil keşbinde özboluşly şöhlelenýär. Bina edilýän desgalaryň her biriniň gurluşygynda, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar. Saglygy goraýyş, bilim beriş, sport we dynç alyş ýaly ençeme medeni, jemgyýetçilik binalary Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzda binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, olaryň ýanaşyk ýerlerini, giň şaýollaryny, köçelerini döwrebap abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerine hem uly üns berilýär.

Hemmämizi diýseň begendiren hoş habaryň Şäherleriň bütindünýä gününde gelip gowuşmagynda, şeýle hem merjen paýtagtymyzyň bu sanawa Merkezi Aziýa sebitiniň şäherleriniň arasynda ilkinji bolup kabul edilendiginde hem uly many bardyr. Bu hoş habar dogrusynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 2-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, buýsanç bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmek işleriniň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtap, aşgabatlylary we ähli türkmenistanlylary ak şäherimiz Aşgabat şäheri bilen bagly bu şatlykly waka mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlady.

Güljennet Sapargulyýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0