Täze başlangyçlaryň badalgasy

Täze başlangyçlaryň badalgasy
Makalalar
08.11.2023, 12:20
201
0
Täze başlangyçlaryň badalgasy

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny öz içine alýan çuň manyly çykyş etmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň golaýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Bişkek sammitinde ählumumy ösüş we howpsuzlyk bilen bagly öňe süren teklipleri hem Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda beýan edilen başlangyçlaryň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň halkara giňişlikde ileri tutýan ugurlarynyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen ýörelgelere doly laýyk gelýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Häzirki wagtda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň derwaýys wezipe bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň ýokary derejeli sammitindäki çykyşynda: «...Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyjy biz Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan etdik» diýip nygtady. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýandygyny, oňa örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini tassyklaýar.

Rowaç Babajanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0