Makala

Makalalar
5-nji iýunda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralyp, ol bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemäge, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar.
Maslahata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça düzümleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly sebit we halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri ýüzbe-ýüz görnüşde we sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Begenc Esenmämmedow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...