Arkadag şäheri — ylym-bilim merkezi

Arkadag şäheri — ylym-bilim merkezi
Makalalar
14.10.2023, 16:03
200
0
Arkadag şäheri — ylym-bilim merkezi ​

​ Ata-babalarymyz bina galdyrmagy, ýol çekmegi, guýy gazyp, köpri gurmagy sogaply işleriň hatarynda goýupdyrlar. Şeýle ajaýyp ýol-ýörelge​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Üstünden kerwen geçen gadymy türkmen topragynda durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaňdyrylan «akylly» şäher kemala geldi. Milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan, tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuň edaralary gurlan Arkadag şäherinde ekologik talaplara uly ünsüň berlendigini aýratyn bellemek gerek. Gijelerine has owadan Arkadag şäherindäki ähli desgalar köpöwüşginli ýalkym saçýar.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde we umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan giňden peýdalanýarlar.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda hem her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, bina ediler.

Şulary göz öňünde tutmak bilen Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim medeni we halkara merkezine öwrüler diýip buýsanç bilen aýdyp bileris.​

Muhammetgeli Atagaryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0