Gurluşyk we binagärlik
Makalalar
Gurluşyk we binagärlik—ýurdumyzyň we döwrüň keşbi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagy sanly usulda özgerýän häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşi bilen deň gadam basyp, global derejede ägirt uly ösüşleri başdan geçirýär. Gurulýan her bir bina ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagynyň döwür bilen aýakdaş gidip, döwür bilen sazlaşykly özgerýändigini görkezýär. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabadyň demirgazygynda «Aşgabat siti» diýlip atlandyrylan «Akylly şäher» gurluşygy dowam edýär. Başgaça, «Şäher içinde şäher» diýlip atlandyrylan bu «Akylly şäheriň» taslamasynyň meýdany 744 gektara deň bolup, 200-den köp bina gurlýar. «Aşgabat siti» taslamasynyň çäginde ýurdumyzda ilkinji gezek 30 we 35 gatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň her bir öýüniň durmuş düzümine degişli ähli düzümlerini sanly ulgam arkaly enjamladyrmaklyk meýilleşdirilýär.
Şeýle hem paýtagtymyzda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak göz öňünde tutulýar. Muňa biziň ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň işjeň gatnaşdyrylmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallarynyň netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagynda amala aşyrylýan ägirt uly döwrebap özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyz we welaýat merkezlerimiz gaýtalanmajak özboluşly bir milli binagärçilik keşbine eýe bolup, tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Bu düýpli özgertmeleriň esasynda bolsa, obalarymyz şäherlerimiz bilen bäsdeşdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurlan häzirki zaman türkmen obalary bilen şäherlerimiziň arasyndaky aratapawut aradan aýryldy. Munuň özi bolsa, biziň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülendiginiň özboluşly bir ykrarnamasydyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallym Kerimberdi Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...