Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni

Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni
Makalalar
07.12.2023, 19:19
179
0
Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni

​ ​ Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri Bitaraplygyň esas goýujy ýörelgelerine daýanyp, hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çuň mazmun bilen baýlaşýar. Şu geçen döwrüň içinde parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özeni bolup gelýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şeýle hukuk ýagdaýy berlen ilkinji döwlet bolmak bilen, halkara hukugyna laýyklykda, gelip çykyşy boýunça hemişelikdir, mazmuny boýunça oňyndyr, ýagny munuň özi döwletiň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär.

Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnuklylygy gorap saklamak, halklaryň dostlugyny dabaralandyrmak, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we goldamak, harby hereketlere goşulyşmazlyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleri baýdak edinýän Bitaraplyk syýasaty ata-babalarymyza mahsus ýol-ýörelgeleriň biri bolup gelendir.

Türkmenleriň köpasyrlyk taryhynyň bütin dowamynda Bitaraplyk syýasatynyň ulanylandygyny dürli häsiýetli ýadygärlikler, gadymy döwletleriň arasyndaky halkara şertnamalar, gadymy taryhçylaryň, hukuk işgärleriniň, pelsepeçileriň ýazgylarynyň çeşmeleri aýdyňlyk bilen subut edýär. Oguz hanyň beýleki halklar we döwletler bilen mähirli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de parahatsöýüjilige ýugrulan sargytlary we kararlary kabul edendigini okanyňda, oňa doly göz ýetirmek we Bitaraplygyň türkmeniň ganyndan başlanýandygyna düşünmek bolýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen sazlaşykly gatnaşykda bolmagyň gymmatly tejribesini toplady. Döwletimiz dürli ýurtlaryň we kontinentleriň halklarynyň ýakynlaşmagy, ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyçlary we teklipleri, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek we energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, halkara maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi, ulag we aragatnaşyk ulgamlary infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi, ynsanperwer gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy we şonuň ýaly beýleki möhüm ugurlarda halkara, şeýle-de çäkli derejelerde ylalaşylan dürli çözgütleriň bilelikde seredilmeginde ähmiýetli orna eýedir.

​Bezirgen Garabaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0