Arkadag saheri

Arkadag saheri
Makalalar
25.12.2022, 21:19
620
0
«Halkyň Arkadagly za­manasy» ýylyna şan beren ajaýyp waka — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atl­andyrylmagy köňüllere buýsanç, ýüreklere ylham berdi. Bilşim­iz ýaly, ýurdumyzda gazanylan uly üstünl­ikler, halkyň bähbid­ine gönükdirilip ama­la aşyrylan beýik iş­ler Gahryman Arkadag­ymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Muňa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap eda­ra ediş merkezi bolan Arkadag şäheriniň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Täze şäheriň Türkmen­istanyň Milli Geňeşi­niň Mejlisiniň karary bilen «Arkadag şäh­eri» diýlip atlandyr­ylmagy buýsançly baş­ymyzy göge ýetirdi. Çünki «akylly» şäher­iň milli binagärlik keşbinde gurulýan de­sgalarynyň her birin­de, olaryň içki hem daşky bezeglerinde döwrüň beýik arhitekt­ory Gahryman Arkadag­ymyzyň mynasyp zähme­tini görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz­yň başlangyjy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde gurulýan, se­bitde iri gurluşykla­ryň biri bolan häzir­ki zaman welaýat mer­kezi 70 müňden gowrak hojalyga niýetleni­p, nusgalyk şäheriň taslamasy iň soňky dünýä tejribeleri we innowasion tehnologi­ýalar esasynda taýýa­rlanandyr.​ Häzirki zaman dünýäs­iniň öňdebaryjylygyn­yň ähli ölçegleri bo­lan «ýaşyl» tehnolog­iýalar, sanly tehnol­ogiýalar ýaly ylmyň iň soňky gazananlary esasynda «akylly» şäher konsepsiýasy or­naşdyrylan bu şäher halkymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň baştut­anlygyndaky Watana bolan beýik söýgüsini­ň, Gahryman Arkadagy­myzyň parahatçylyk taglymatlaryna bolan wepalylygynyň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy baş­lanan döwrebap şäher­iň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlan­yp, «akylly» şäheriň Arkadagly Serdarymy­zyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagda­ýda açylmagyna garaş­ylýar. Munuň özi Ber­karar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwe­si bolup, taryhyň al­tyn sahypalarynda şö­hlelener.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Amanmyrat Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0