Magtymguly sözle herne bileniň

Makalalar
Magtymguly sözle herne bileniň...
Magtymguly Pyragy türkmeniň at-owazasyny dünýä ýaýan akyldar şahyrdyr. Ol H.Ferdöwsi, A. Nowaýy, S.Şirazy, A.Jamy ýaly Gündogar edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerini içgin öwrenip, ylym-bilim ýüküniň üstüni ýetirip, öz döwrüniň görgür gözi, owazly sesi, duýgur ýüregi hökmünde öňe çykýar. Akyldar şahyrymyz öz ýaşan döwrüne çenli ýazuwda giňden ulanylan arap-pars dillerinde däl-de, eýsem, türkmen dilinde ajaýyp şygyrlary döredip başlaýar. Onuň döredijiliginiň örüsi örän giň bolup, agzybir ýaşamak, bitewi türkmen döwletini gurmak meseleleri şahyryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusy many-mazmuny, çeperçiligi hem-de döwrebaplygy babatynda şahyryň iň ajaýyp goşgularynyň biridir. Onuň saldamly setirleri gursagyňa mylaýymlyk bilen siňňitli ornaşýar. Goşgynyň tutuş durky — owazly dünýä. Göýä içine şeker-şerbet goşulan ýaly. Süňňüňe kuwwat berip, kalbyňy ýalkym bilen nurlandyrýar. Şygryň şu bendini mysal getireliň:
«Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň».
Şahyryň: «Türkmen binasy» diýen goşgusy şeýle setirler bilen başlanýar:
«Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy».
Nusgawy şahyrymyzyň şu goşgusynda türkmeniň guran döwletiniň binýadynyň mizemezligi nygtalýar. Halk erkinligini gazanar. Hatda, öň oňa duşmançylykly bakanlar-da, halkyň guran beýik binasyny görse, haýran galar. Süleýman pygamber, Rüstem Zal pälwan, Jemşit şa hem oňa aşyk bolar. Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pikirlerini taryhy hem-de hyýaly şahsyýetler bilen şeýle bir berk utgaşdyryp, onuň täsir ediş güýjüni artdyrýar welin, şahyryň beýan ediş ussatlygyna haýran galaýmaly.
Seýitnazar Silapow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...