Bilim — bagtyýarlygyň binýady ​

Bilim — bagtyýarlygyň binýady  ​
Makalalar
07.12.2023, 19:23
161
0
Bilim — bagtyýarlygyň binýady

​ Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda rowaçly menziller bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Ýetilen belent sepgitler, gazanylan uly üstünlikler döwletimiziň aýdyň maksatly geljeginden habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ösen ylym-bilimden habarly zehinli hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bu ugurda kabul edilen resminamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olardan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi türkmen ylmynyň aýdyň geljegini kepillendirýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde, milli bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlarynda dünýä ýurtlary bilen işjeň gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Bilim ulgamy döwrebap tehnologiýalar, internet bilen üpjün edilýär. Şeýle-de hünärmenleri taýýarlamagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylym dünýäsine aralaşmagy we häzirki zaman ylmyna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiz tarapyndan orta we ýokary okuw mekdepleriň maddy-tehniki üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy, internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ylym-bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy ýaş nesiller üçin edilýän aladalardyr. Türkmen ylmyny ösdürmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym ulgamyndaky at-abraýynyň, gazanýan üstünliginiň dowamaty dowam bolsun!

Meýlis Öwezdurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0