Ajaýyp döwrümiziň gurluşyk-binagärligi ýokary derejä çykarylýar

Makalalar
Ajaýyp döwrümiziň gurluşyk-binagärligi ýokary derejä çykarylýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasy. Bu ajaýyp zamanada ýurduň ösüşine goşant goşmagy kalbynda beslän her bir ýaş nesliň maksadyna ýetmeginde ähli mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni ýatdan çykmajak pursatlara has-da baý boldy. Şol gün biziň ýokary okuw mekdebimiziň bäş müň talyba bilim bermäge niýetlenen täze binasynyň düýbi tutuldy.
Biziň ýokary okuw mekdebimiz — ýurduňgurluşyk-binagärligini ösdürmäge ykbalyny baglan hünärmenleriň uly durmuşa badalga alýan bilim ojagy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde bina boljak täze desgalar bu ugurlardan kämil hünärmenleri taýýarlamakda, dünýä ylmynyň ýokary gazananlaryny giňden peýdalanmakda mümkinçiliklerimizi has-da artdyrar.
Begmyrat Myradow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...