Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy ösdürilýär
Makalalar
05.09.2023, 14:34
247
0
Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ýurdumyzda ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň artmagyna, olaryň döwlet durmuşyndaky ornunyň pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ýörelgeler esasynda terbiýelenen, täzeçe pikirlenýän ýaşlaryň nesli kemala geldi. Döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesiller ýurdumyzyň kuwwatynyň artmagyna goşant goşýarlar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýändigini bellemek gerek.

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolan ýene bir şatlykly waka bolup geçdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň halkara derejesine çykarylýandygyna, ýaşlaryň ylym-bilim, zähmet, durmuş we döredijilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Gurbansähet Allagulyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0