Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Makalalar
13.11.2023, 13:32
485
0
Dana şahyryň sarpasy belent

​ Garaşsyz ýurdumyzda Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusga­wy edebiýatynyň görn­ükli wekili Magtymgu­ly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna, edebi mirasyna uly sarpa go­ýulýar. 2024-nji ýyl­da Magtymguly Pyragy­nyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giň ger­im bilen bellemäge taýýarlanylýar.

Gahryman Arkadagymyz beýik şahyra hormat goýýar. Muňa Milli Liderimiziň Magtymgu­ly Pyraga bagyşlap döreden şygry-da aýdyň mysaldyr. Köpetdag­yň eteginde Magtymgu­ly Pyragy medeni-seý­ilgäh toplumynyň gur­luşygy güýçli depgin­de dowam edýär. Gahr­yman Arkadagymyz ýaň­y-ýakynda bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşan pursady­nda Magtymguly Pyraga bagyşlan täze şygr­yny şol ýerde okap bermegi bizi has-da buýsandyrdy.

Beýik şahyryň döredi­jiligi döwrüň ähli meselelerini öz içine alýar. Onuň döredij­iliginde agzalmadyk tema, gozgalmadyk me­sele ýok bolsa gerek. Olarda halallyk, agzybirlik, myhmansöý­erlik, watansöýüjili­k, yşk babatda söhbet açylýar. Şahyryň ýazan şygyrlary her bir ynsanyň kalbynda ýer edip, ýürekleriň töründe ýaşaýar. Py­ragynyň döredijiligi umman ýaly giň. Şah­yryň döredijiligi Je­mşidiň jamyna deňelý­är. Söz ussady Magty­mgulynyň ajaýyp goşg­ulary halkymyz üçin ýol görkeziji şamçyr­ag bolup hyzmat edýä­r. Akyldar şahyryň dürdäne setirleri bah­asyna ýetip bolmajak hazyna.

Ýakynda Birleşen Mil­letler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemi­şelik utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezin­iň Mukamlar köşgünde «Magtymguly Pyragyn­yň golýazmalar toplu­mynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halka­ra sanawyna girizilm­egi bilen bagly degi­şli şahadatnamalary gowşurdy.

Munuň özi türkmen ha­lkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragyn­yň döredijiliginiň tutuş dünýäde ähmiýet­lidiginiň we halkara giňişliginde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Saparaly Çarlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0