Aşgabat ak arzuwlaryň wysaly  

Aşgabat ak arzuwlaryň wysaly   
Makalalar
01.06.2024, 12:51
110
0
01.06.2024ý.

Aşgabat ak arzuwlaryň wysaly    

Häzirki zaman şertlerinde sazlaşykly ösüş döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Çünki paýtagt döwletiň dolandyryş-syýasy merkezi bolup durýar. Sebitde iri işewürlik we medeni merkez hökmünde ornuny pugtalandyrýan Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe bolýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda günsaýyn ösýän paýtagtymyzyň keşbi milli binagärlik sungatynyň iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylýar. Baş şäherimizde gurulýan täsin desgalar kaşaňlygy, gözelligi, özboluşlylygy bilen halkymyzyň arzuwyny, ruhuny, nurana geljege bolan umydyny beýan edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny nazara almak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy döwletiň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar.

Ak şäherimiz Aşgabady ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygyny, ulag-kommunikasiýa ulgamyny, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazaryny, döwlete dahylsyz bölegiň kiçi we orta möçberli kärhanalaryny, durmuş ulgamyny we ýaşaýyş derejesini görkezmek bolar. Şu jähetden, Aşgabat şäheriniň dünýä derejesinde döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini özünde jemleýän merkezleriň biridigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köpüsiniň bir ýere jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini aýratyn bellemek gerek. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň nurana desgalarynyň ençemesi şeýle ykrarnama eýe boldy.

 Bekmyradow Baýrammuhammet

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0