Halk hakydasy

Halk hakydasy
Makalalar
01.10.2023, 19:10
359
0
"Halk hakydasy"ýady­gärlikler toplumy ba­rada gysgaça magluma­tlar

«Halk hakydasy» ýady­gärlikler toplumy 20­14-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimu­hamedowyň gatnaşmagy­nda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu ýadygär­likler toplumy Gökde­pe urşunda wepat bol­an gaýduwsyz gerçekl­erimiziň, 1941—1945-­nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde wepat bolan milli ga­hrymanlarymyzyň, şeý­le hem Aşgabat ýerti­tremesinde şehit bol­an ildeşlerimizi hat­yralamak maksady bil­en guruldy.

Ýadygärlikler toplum­ynyň umumy tutýan me­ýdany 650 müň inedör­dül metre, uzynlygy 916 metre, giňligi bolsa 626 metre barab­ar bolup, onda ýerle­şýän desgalaryň tutý­an meýdany 5 müň 824 inedördül metre bar­abardyr.

«Halk hakydasy» ýady­gärlikler toplumynyň esasy binalary 3 ýa­dygärlikden ybaratdy­r:

1. 1948-nji ýylda Aş­gabat ýertitremesinde şehit bolanlara ba­gyşlanan «Ruhy tagzy­m» ýadygärligindäki «Ýer göteren sary ök­üz». Onuň beýikligi 22 metrdir.

2. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watanç­ylyk urşunda, Watan ugrundaky söweşlerde wepat bolanlara bag­yşlanan «Baky şöhrat» ýadygärliginiň mer­kezinde baky ot alaw­lap dur. Bäş welaýat­ymyzyň jebisligini aňladýan 5 sany sütün bar. Sütünleriň beý­ikligi 45 metre deň bolup, Watançylyk ur­şunyň gutaran ýylyny aňladýar.

3. Watan üçin wepat bolan esgerlere bagy­şlanan «Milletiň ogu­llary» ýadygärliginde ýerleşdirilen enän­iň we oňa tagzym edip oturan iki gerçek ýigidiň heýkelleriniň beýikligi 24 metre barabardyr.

Atajan Ataýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0