Dana şahyr — Magtymguly​

Dana şahyr — Magtymguly​
Makalalar
08.11.2023, 12:23
227
0
Dana şahyr — Magtymguly​

Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesidir we pelsepesidir. Dana şahyryň döredijiliginiň gadyr-gymmaty, ähmiýeti hiç wagt egsilmeýär. Şeýle gudrata eýe bolmak şahyryň giň dünýägaraýşy, ussatlygy bilen baglanyşyklydyr.

Dürdäne eserleri bilen döredijilik äleminde öçmez-ýitmez yz galdyran Magtymguly Pyragynyň şygryýet örüsi giň we köptaraply. Dana şahyrymyzyň eserlerini okan her bir ynsan onuň dürli ylymlardan baş çykaran beýik şahsyýet bolandygyna göz ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň öňünde baş egýärin» diýip, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýandygyny beýan edýär. Hakykatdan-da, çeper söze gadyr-sarpa goýýan halkymyz nusgawy şahyrlarymyzyň pähim-paýhasa, çuňňur pelsepä ýugrulan şygyrlarynda ündelýän öwüt-pentleri durmuşda ýol-ýörelge edinýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Onuň kämil ynsan sypatlaryny kemala getirmäge gönükdirilen parasatly pikirleriniň diňe bir türkmen halkynyň milli baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlygy bolup durýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şahyryň eserlerini has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, geljekki nesillere ýetirmek barada ýurdumyzda möhüm işler amala aşyrylýar.

Beýik söz ussatlarymyzyň döredijiligini öwrenmäge, olaryň edebi mirasyny halkyň arasynda wagyz etmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Sähetmyrat Babajanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0