HURMANYŇ PEÝDASY

HURMANYŇ PEÝDASY
Makalalar
25.10.2023, 13:32
157
0
HURMANYŇ PEÝDASY

Hurmanyň düzüminde glýukozanyň we fruktozanyň köplügi sebäpli, ol adamy dok saklaýar. Onda natriý, kaliý, magniý, kalsiý, demir elementleri hem bar. Gowy ýetişen hurma aşgazan-içege ulgamynda, bagryň kadaly işlemeginde, görmek ukybynyň gowulanmagynda, deri üçin örän peýdalydyr. Hurma mikroelementlere baýlygy bilen beýleki miwelerden düýpli tapawutlanýar. Watany Hytaý bolan bu miwä grekler «miweleriň hudaýy», «Hytaý erigi» hem diýýärler. Sebäbi hurma saglyk üçin örän peýdalydyr.

Arassalaýjy häsiýeti.​ Düzümindäki magniý elementiniň bedeni dürli zyýanly maddalardan arassalamakda peýdasy uludyr.

Bakteriýalardan goraýjylyk häsiýeti.​ Hurma bölegini ýanan ýeriňize, ýaralara goýsaňyz, olar çalt bitýär. Bu miwäni näçe köp iýip bilseňiz, saglyk üçin peýdaly.

Rahatlandyryjy häsiýeti.​ Hurma nerw ulgamyna örän gowy täsir edýär. Ukyny gowulandyryp, immuniteti ýokarlandyrýar.

Ýürek-damar ulgamyna täsiri.​ Hurmanyň düzümindäki kaliý duzlary ýürek-damar ulgamynyň işini işjeňleşdirýär. A, C we P witaminleri ýürek-damar ulgamynyň diwarlaryny berkleşdirýär.

Ganazlyga peýdasy.​ Gany az ynsanlar günüň dowamynda 2 sany hurma iýmelidir. Azganlylygyň öňüni almak üçin guradylan miweleri we maýdalanan 1 çaý çemçesi hurma ýapraklaryny bir bulgur gaýnan suwa salyp içmeli.

Hurmanyň düzüminde şekeriň mukdarynyň köpdügi sebäpli, semizlikden we süýji keselinden ejir çekýänlere, iýmit siňdiriş ulgamy gowşak adamlara we 3 ýaşa çenli çagalara bu miwäni iýmek maslahat berilmeýär.

Saparalyýew Şatlyk

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0