Soygi

Soygi
Goshgylar
30.11.2022, 20:12
910
0
Söýgi gogusy

Bazygär ýeri däl yşkyň meýdany,

Munda käte otly köýnek geýmeli.

Aklyň haýran eden niçik söwda bi,

Eger söýjek bolsaň, çyndan söýmeli.

Ahmyra öwrüldi çekinjeňligim,

Başarmadym şol bir sözi diýmegi.

Duýmadylar bu halymyň teňdigin,

Eger söýjek bolsaň, çyndan söýmeli.

Ilki gezek bu dünýäni gülleden,

Göz öňümde galdy elwan öýmeli.

Bir ömür öwezin dolup bilmedim,

Eger söýjek bolsaň, çyndan söýmeli.

Özüň undup demiň deme degende,

Edebi eşretden öňde goýmaly.

Söýgi päk bolanda galar belende,

Eger söýjek bolsaň, çyndan söýmeli.

Diýmeli däl: “Sen bolmasaň, Senemjan,”

Çyn aşyklar päk söýgüni duýmaly.

Söýgini ownatsaň aşyklar ynjar,

Eger söýjek bolsaň, çyndan söýmeli.

-Söýgi hasap bilen – diýdi bir gelin,

Eýýäm gelejegiň gamyn iýmeli-

-Yşkym bilen oýun etme dur, gelin,

Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.

Ýogsam aňyrsynda azaby bardyr,

Hem ejiri bardyr ýanyp köýmeli,

Çynlakaý söýýäne mähirdir nurdur,

Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.

Söýgi Allaň Adam ata peşgeşi,

Manysyzdyr başarmasaň duýmagy.

Meniňem ýaşlara etjek wesýetim,

Eger söýjek bolsaň, çyndan söýmeli.

Toýly Öwezow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0