Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belle­niler

Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belle­niler
Makalalar
14.10.2023, 15:39
198
0
Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belleniler

​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň milli mirasyna, naýbaşy gymmatlyklaryna sarpa gün saýyn artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesiniň​ Türkmen alabaýynyň baýramy hökmünde yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça uly göwrümli işleri alyp barýar. Aýratyn hem, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary bolmagy, türkmen alabaýlaryny degişli düzümleriň işinde, hususan-da, serhet goşunlarynda, döwlet we aýratyn desgalary goramakda, gümrük, migrasiýa nokatlarynda işjeň ulanmaga mümkinçilik döredýär.

​ Türkmen alabaýyna goýulýan sarpanyň mysaly hökmünde agzasak, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikler geçiriler. Munuň özi, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bilen bagly işleriň hiç wagt ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr.​

Saparmyrat Annaorazow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0