Buyan barada

Makalalar
Buýan barada billýäňizmi?
Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda süýji buýan diýlip hem atlandyrylýar.
Buýan-kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60—80 (100) santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl. Ýapragy ýelek şekilli, uzynlygy 5—20 santimetr. Onda 3—10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýri ýumurtga görnüşli ýapraklar ýerleşýär. Olaryň ýüzüne edil ýelim çalnan ýalydyr.
Ýaşaýyş aýratynlygy. Ösümligiň tohumynyň gögerijiligi 10 ýyla çenli saklanyp bilýär. Buýan tohumy arkaly köpelende ömrüniň üçünji ýylynda gülleýär. Ösümlik iýul aýynda gülleýär, awgust—sentýabrda miwesi ýetişýär.
Buýan gurakçylyga has çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Ol toprakda bol hekli ýerlerde ösmäni halaýar. Ösümlik çüýrüntgä garyp bolan az hasyl berýän topraklarda hem oňat ösýär. Beýle ýagdaý onuň köklerinde ýaşaýan bakteriýalaryň howadaky azody topraga geçirip bilmegi ýaly ukybynyň barlygy sebäpli bolýar. Ösümlik şol bir bitýän ýerinde 10 ýyldan gowrak ösüp bilýär.
Ýaýrawy. Diýarymyzda ol Garagumdan başga hemme etraplaryň çäginde diýen ýaly gabat gelýär. Ol, köplenç, derýalaryň boýunda, medeni zolaklarda, ýapdyr dag çeşmeleriniň ýakasynda duşýar.
Tebigy gory. Buýan Diýarymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna girmeýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Her ýylda, takmynan, 8—10 müň tonna çig mal ýygnamaklyga mümkinçilik bar.
Dermanlyk çig maly. Ösümligiň dermanlyk köki bilen ýerasty baldagy çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň gabygyny arassalap ulanmak bolýar. Buýan köki mart, noýabr aýlarynda taýýarlanýar. Ösümligiň ýerasty bölegini pil bilen depip aýyrmaly-da, köklerini ýygnamaly. Gazylyp alnan köklerden ösümligiň ýokarky bölegini kesip aýyrmaly. Eger kökde gara tegmil, çüýrük ýa-da heň kömelekleri göze ilse, ulanmak maslahat berilmeýär.
Arassalanmadyk kökleri birbada bassyrmanyň aşagynda ýa-da 50-derejeden ýokary gyzgynlyk berýän enjamda guratmaly. Şol mahal heňlemez ýaly agdaryp durmaly. Şol bir ýerden buýan köküni ikinji gezek 6—8 ýyldan soň taýýarlap bolýar. Şu döwürde ösüntgiler doly ýetişip, buýan düýpleriniň birgideni emele gelýär. Buýanyň ysy ýok. Tagamy süýji hem gyjyndyryjy. Arassalamak üçin galyň hem göni kökler alynýar. Olary birnäçe gün kölegede goýaňdan soň, daşyny pyçak bilen arassalamaly. Lukmançylykda arassalanan kökler ulanylýar.
Himiki düzümi. Buýan kökünde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, eý hem nem maddalary, sakyz we krahmal saklanýar. Glisirriziniň mukdary 6 % golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.
Peýdalanylyşy. Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, on iki barmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär.
Ösümligiň dermanlyk köküni dürli garyndylaryňdyr çaýlaryň düzümine goşýarlar. Buýandan ýasalan kükrek eleksiri gägirdiji serişde hökmünde peýdalanylýar. Glisiramyň demgysmada, allergiýada, demrewde haýry kän.
Hytaýda buýan gadym zamanlardan bäri belli. Bu ýerde ony garratmaýan serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Orta asyrlardaky lukmançylyk edebiýatlarynyň hemmesinde diýen ýaly buýan köki hakda köp maglumat berilýär. Buýanyň kökünden alnan toşaby «danuýaly patyşanyň» damjasynyň düzümine goşupdyrlar. Şol döwürde ony meşhur gägirdiji serişde hökmünde ulanypdyrlar.
Buýan iýmit, konditer, reňk senagatynda, dürli içgileri taýýarlamakda giňden ulanylýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Annameret Annameredow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...