Şatlykly habar

Şatlykly habar
Makalalar
13.12.2023, 22:50
398
0
Şatlykly habar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda, ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy, ýagny ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle-de, bu hoş habar bilen birlikde, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy. Bu şatlykly habarlar ýurdumyzyň medeni, syýasy babatdaky ösüşleriniň, ata Watanymyzyň her bir raýatyny abadan, bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle asylly işler her bir güni ösüşlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ynsanperwer ugurly durmuş syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň ýene-de bir nyşanydyr.

Şatlykly habar mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen Gutlagynda bellenişi ýaly: «Türkmen halkynyň ahalteke atçylygy bilen bagly milli däp-dessurlary, bedewleriň bezegini alamatlandyrýan çylşyrymly çeperçilik önümleri halkymyza mahsus, nesilden-nesle geçip gelýän milli aýratynlyklarymyzyň biri bolup durýar». Hakykatdan hem her bir halkyň öz milli aýratynlyklary bolýar. Bu gymmatlyklar türkmen halkynyň ruhy dünýäsine ornaşan gymmatlyklardyr.

Toýlarymyzyň, baýramçylyklarymyzyň ýaraşygy bolan gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhraty älem ýüzüne ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda hem behişdi bedewleriň adama ýakyn syrdaş hasaplanýandygy, onuň halkymyzyň milli gymmatlygy bolup durýandygy barada aýdylýar. Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Umumadamzat gymmatlyklaryny, kämilligiň beýik nusgasyny älem-jahana aýan eden türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny ösdürip ýetişdiripdir. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda kämillige ýeten türkmen seýisçilik mekdebinde atlaryň döreýşi, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenişi, ýöreýşi, at keselleriniň bejeriliş usullary we at lukmançylygynda ulanylýan dermanlardyr emleriň görnüşleri, taýýarlanyşy, atçylygyň beýleki tilsimleri ýaly mowzuklaryň ählisi jemlenendir.

Ezizmyrat Durdyýew

Türkmenistanyñ telekommunikasiýalar we informatika institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0