Beýik işleriň ykrarnamasy

Beýik işleriň ykrarnamasy
Makalalar
11.10.2023, 14:17
262
0
Beýik işleriň ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Ynsanperwer işleriň netijesinde bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejeleri ýokarlanyp, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýy artýar. Ata Watanymyzda asylly däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlyklarymyz ýörelge edinilip amala aşyrylýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilýändiginiň kepilidir. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, eneligi we çagalygy goramak, olaryň hukuklarynyň ygtybarly goragyny üpjün etmek ýaly işleri amala aşyrmak baş ýörelgä öwrülýär. Bularyň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň​ ynsanperwer syýasatynyň dabaralanmasydyr.

​ Döwlet syýasatynda adam hakyndaky aladany ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagy döwlet Baştutanymyzyň beýik işleriniň ykrarnamasy bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň her biriniň kalbynda çäksiz buýsanç hem guwanç duýgularyny döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz adamyň kanuny hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek we ynsan mertebesine hormat goýmak ýaly asylly işleri alyp barýar, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw berýär. Şeýle ynsanperwer işleriň halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu sylag hormatly Prezidentimiziň sahawatly işlerine, bu ugurda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryna berlen ýokary bahadyr.​ ​ ​ ​

Ata Watanymyzyň asuda bolmagy, çaga gülküleriniň elmydama ýaňlanyp durmagy ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän​ hormatly Prezidentimiziň​ jany sag, ömri uzak bolup, beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Murat Babaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0